Soňky habarlar

Arhiw

Minskide şertnama- hukuk meseleleri boýunça türkmen- belarus geňeşmeleri geçirildi

14:0708.06.2019
0
3656

Golaýda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde şertnama-hukuk meseleleri boýunça türkmen-belarus geňeşmeleri geçirildi. Bu barada Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet saýtynda habar berilýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara hemde hökümetara derejede hereket edýän ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek üçin hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk esaslaryny berkitmegiň zerurdygyny aýratyn nygtadylar. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda şeýle geňeşmeleriň geçirilmegi Belarusuň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Maksatnamada göz öňünde tutulandyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň