Soňky habarlar

Arhiw

“PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy arhiw işi boýunça ýerli hünärmenleri işe çagyrýar

11:4808.06.2019
0
24238

Bu barada kompaniýa "Türkmenistan" gazetinde ýörite bildiriş berdi. Hünärmen gözlenilýän ugurlar we dalaşgärlerden bildirilýän talaplar barada gazetde çap edilen bildirişde şeýle diýilýär:

1. Hünärmen (Arhiw işi).
Bildirilýän talaplar:
Ähli dalaşgärler aşakda görkezilen talaplar boýunça doly maglumatlary we tassyklaýjy resminamalary bermeli:
1. Bilimi: Arhiw işi, resminamalaryň dolandyrylyşy, işewürlik dolandyryşynda ýa-da degişli pudakda deň derejeli bilimi bolmaly.
2. Iş tejribesi: Resminamalaryň gözegçiligi we resminamalaryň, arhiw maglumatlarynyň dolandyryş işlerinde azyndan 3 ýyllyk iş tejribesi bolmaly.
3. Dili: Rus we iňlis dillerini erkin bilmeli, türkmen dilini hem bilmek artykmaçlyk hasaplanylar.
4. Endikleri we başarnyklary: MS Office programmasy.
2. Kömekçi (Arhiw we resminamalaryň dolandyrylyşy).
Bildirilýän talaplar:
Ähli dalaşgärler aşakda görkezilen talaplar boýunça doly maglumatlary we tassyklaýjy resminamalary bermeli:
1. Bilimi: Türkmenistanda alnan orta bilim hakynda şahadatnama ýa-da deň derejeli diplom ýa-da şahadatnama, arhiw işi, resminamalaryň dolandyrylyşy boýunça Türkmenistanyň degişli okuw jaýyndan tassyknama.
2. Iş tejribesi: Resminamalaryň we maglumatlaryň, arhiw maglumatlarynyň dolandyrylyşy boýunça azyndan 3 ýyllyk iş tejribesi bolmaly.
3. Dili: Rus we iňlis dillerini erkin bilmeli, türkmen dilini hem bilmek artykmaçlyk hasaplanylar.
4. Endikleri we başarnyklary: MS Office programmasy.
Resmi kagyzlary “PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasyndan alyp bolar.

Kompaniýanyň salgysy: Aşgabat säheri, 744027, Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy (blok-B).

Şeýle hem doldurylan sowalnamalary bildirişiň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasyna tabşyrmak haýyş edilýär. Doldurylan sowalnamalary we resminamalary tabşyrylýan hünäre degişlilikde görkezmek bilen, recruitment.tm@petronas.com.my salga elektron poçta arkaly hem ugradyp bolar. Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň