11-nji iýunda Türkmenistanyň Söwdasenagat edarasynyň mejlisler zalynda «Türkmen-Tranzit» hojalyk jemgy ýetiniň we Türkmenistanyň Söwdasenagat edarasynyň bilelikde guramaklarynda işewürlik duşuşygy geçiriler. Oňa Germaniýanyň dünýä belli «SAP SE» kompaniýasynyň tejribeli, ussat hünärmenleri we ýolbaşçylary çagyryldy. Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Döwlet statistika müdirliginiň, Döwlet salgyt gullugy müdirliginiň, «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň, «Halkbank» DTB-niň, «Rysgalbank» PTB-niň, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Aragatnaşyk» agentliginiň we TS we TB-niň hünärmenleri gatnaşarlar. Duşuşygy geçirmegiň maksady daşary ýurtly wekilleriň we ýerli edara-kärhanalaryň arasynda geljekki ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy maslahatlaş makdan, iş tejribeleri dogrusynda pikir alyşmakdan we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemekden ybaratdyr - diýip, "Biznes reklama" gazeti habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen şu ýyl ýurdumyzda sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak bellenildi. Hut şu maksatdan ugur alyp, häzirki günlerde ýurdumyzyň birnäçe edara-kärhanalary ösen ýurtlaryň üstünlikli ornaşdyrylan sanly hökü met tejribesini öwrenýärler. Ýurdumyzda dünýä belli, öňdebaryjy IT kompaniýalaryň gatnaşmagynda yzygiderli dürli forumlar, tanyşdyrylyş çä releri, konferensiýalar geçirilýär.
Milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan strategik mesele hökmünde öňe çykaryldy. Şol sebäpli, sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksatly 2019 — 2025-nji ýyllar üçin tassyklanan konsepsiýa la ýyklykda, milli ykdysadyýetimize diwersifikasiýa ýoly bilen sanly ulgamy ornaşdyrmakda, elektron senagatyny ösdürmekde we öňdebaryjy döwlete öwürmekde giň gerimli işler geçirilýär.
Ýokarda ady agzalanduşuşyga tassyklanankonsepsiýany üstünlikli ornaşdyrmak maksady bilen, «Türkmen-Tranzit» hojalyk jemgyýeti tarapyndan çagyrylan Germaniýanyň dünýä belli «SAP SE» kompaniýasynyň wekilleri sanly ykdysadyýet we elektron resminamalar dolanyşygy üçin döwlete dahylly hem-de hususy kärhanalara niýetlenen toplumlaýyn takyk çözgütleriniteklip ederler.
Germaniýanyň «SAP SE» kompaniýasy biznes-prosesleriň köp ugurlarynda dünýä belli liderleriň biri bolup, dünýäde 183.000-e golaý müşderisi bar. Käbir hasaplamalara görä, «SAP SE» kompaniýasynyň çözgütlerini 12 milliona golaý ulanyjy ulanýar, bu bolsa her ugur üçin netijeli, tiz we ýeňil işlemäge ýardam berýär. Kompaniýanyň sanly ulgamda we elektron resminamalar dolanyşygynda uly tejribesi bar. «SAP SE» kompaniýasynyň çözgütleri ähli maglumatlaryň howpsuzlygyna gabat gelýär we durmuşda üstünlikli ulanmaga mümkinçilikler berýär.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgamy üstünlikli ornaşdyrmak maksatly tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen geçiriljek bu duşuşyk öňde goýlan wezipeleri maksadalaýyk durmuşa geçirmäge oňyn itergi berer.