Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda DÖM ulgamyndaky Meýletin milli syn boýunça tanyşdyryş çäresi geçirildi

10:2008.06.2019
0
3276

7-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurtda Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) durmuşa geçirilmegi ulgamynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagynyň çäklerinde duşuşyk geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, şeýle hem BMG-niň ugurdaş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Meýletin milli synynyň deslapky tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi, şeýle hem resminama boýunça taýýarlanylan wideorolik görkezildi. Soňra çärä gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça geljekki hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar.  

DÖM ulgamyndaky Türkmenistanyň Meýletin milli synyna 2019-njy ýylyň iýul aýynda geçiriljek EKOSOS-yň Syýasy Forumynyň çäklerinde serediler.  

Çeşme: mfa.gov.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň