Soňky habarlar

Arhiw

«PARAHAT» hususy kärhanasy täze hasyly gaýtadan işlemäge girişdi

10:1508.06.2019
0
7631

Ýakynda «Parahat» hususy kärhanasynda şu ýylyň bol miwe hasylyndan miwe şireleriniň esasy çig maly bolan konsentrat almaga girişildi. Ýylyň dowamynda ýurdumyzyň miwe şirelerini öndürijilerini türkmen topragynda ýetişdirilen miwelerden taýýarlanan konsentrat bilen üpjün etmek maksady bilen, işler ýokary depginde alnyp barylýar.

Şu günler her iki günden 30 tonna erik gaýtadan işlenilýär. Gün nuruna lowurdap duran, süýji tagamly, ter erik hasyly Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň bagbanlaryndan satyn alynýar. Ýakyn günlerde garaly hasylynyň gelmegine-de garaşylýar. Daşoguzly bagbanlar bilen bolsa alma satyn almak barada ylalaşyldy.

Kärhanada şu möwsümde 200 tonna konsentrat öndürmek me­ ýilleşdirilýär. Olaryň ýarysy içerki önümçilik üçin ýeterlik bolup, galan 100 tonnasyny daşarky bazarlara eksport etmek meýilleşdirilýär.

«Parahat» hususy kärhanasynda geçen ýylda-da miweleriň we gök önümleriň, şol sanda üzümiň, pomidoryň, almanyň we käşiriň ýüzlerçe tonnasy gaýtadan işlenildi. Ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar esasynda öndürilýän önümlerde ýokumlar hem-de tagamlar tebigy bolşundaky ýaly saklanylýar.

Şeýle ýokary hilli konsentratlaryň esasynda taýýarlanylýan miwe şirelerine bolan islegler barha artýar. «Parahadyň» saglyk üçin peýdaly önümler bolan «Ýeserje» çaga iýmitiniň (gök-miwe önümlerden pýureleriniň), üwmejiniň hem-de pomidor goýultmasynyň dürli görnüşleri-de bazarlarda geçginli önümlerdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň