Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Amyderýanyň aşaky akymynda ekoulgamlaýyn çemeleşmäniň esasynda ýerden peýdalanmak we ekoulgamlary gorap saklamak» atly okuw maslahaty geçirildi

19:5907.06.2019
0
6055

7-nji iýunda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Amyderýanyň aşaky akymynda ekoulgamlaýyn çemeleşmäniň esasynda ýerden peýdalanmak we ekoulgamlary gorap saklamak» atly sebitleýin taslamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi. germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen hyzmatdaşlykda durmuşa ornaşdyrylýan bu taslamanyň utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bolup durýandyr.  

Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Çöller, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsi milli institutynyň, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli komissiýasynyň, şeýle hem Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Seminara şeýle hem Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Margaret Ýubber, GIZ-iň wekilleri, halkara bilermenler gatnaşdylar.       

Maslahata gatnaşyjylar Amyderýa sebitiniň tebigatyny goraýyş işiniň kämilleşdirilmegine we ekologiýa ýagdaýlarynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen taslamanyň maksatlary we aýratynlyklary bilen tanyş boldular. Okuw maslahatynyň barşynda aýratyn goralýan tebigy çäklerde ekologiki deňagramlylygyny saklamagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem howanyň üýtgemeginiň kenarýaka sebitiniň oba hojalygyna we ekoulgamyna ýetirýän täsiriniň netijelerine seredilip geçildi. 

Çeşme: mfa.gov.tm

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň