Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylary Afrika yklymynyň wekilleri bilen ilkinji duşuşygyny geçirdiler

13:1307.06.2019
0
13962

Häzirki günlerde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolýan Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy düýn Afrika yklymynyň wekilleri bilen resmi bolmadyk ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Ugandanyň ýygyndysy bilen geçirilen bu duşuşyk 2:0 hasabynda garşydaşlarymyzyň peýdasyna tamamlandy.

Şeýlelikde, türkmen futbolçylary taryhda ilkinji gezek afrikaly futbolçylar bilen duşuşyk geçirip gördüler. Mundan ozal biziň ýygyndymyz diňe Aziýanyň we Ýewropanyň wekilleri bilen duşuşyp görüpdiler.

Milli ýygyndymyzyň Dubaýdaky türgenleşikleriň çägindäki resmi ýoldaşlyk duşuşygynyň 9-njy iýunda boljakdygyny ýene bir ýola ýatladýarys. Ol ýerli wagt bilen 20-de başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň