Soňky habarlar

Arhiw

«Şatumar» HK durmuş himiýasy serişdelerini we parfýumeriýa önümlerini öndürýär

00:4907.06.2019
1
13967

Şu ýyl «Şatumar» hususy kärhanasynyň döredilenine on ýyl dolýar. Şu döwürde kir sodasyny çykarmakdan başlan telekeçilik düzümi durmuş himiýasyny öndürýän iri kärhana öwrüldi. Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda işleýän sehde ýokary tehnologiýaly enjamlaryň ýedisi oturdylan.

Telekeçiler şol enjamlarda düzüminde gel bolan kir sodalary, şampunlaryň birnäçe görnüşini, suwuk sabyn, gap-gaç, aýna ýuwujy serişdeleri we beýlekileri çykarmagy guradylar. Turbalary hapadan arassalaýan erginleriň, eşikleri agardýan serişdeleriň, diş pastalarynyň üç görnüşiniň önümçiligi ýola goýuldy. Maryly telekeçileriň bahasy, hili babatda daşary ýurtlardan getirilýänlerinden tapawutlanýan önümlerine bazarlarda uly isleg bildirilýär.

«Şatumar» durmuş himiýasy serişdeleriniň görnüşlerini artdyrmagy göz öňünde tutýar we parfýumeriýa önümlerini köpçülikleýin öndürmegi özleşdirýär.

Kompaniýa türkiýeli hyzmatdaşlaryndan Les Liquides Imaginaires söwda belgisinden Tellus tapgyrdan parfýumeriýa konsentratyny satyn aldy. Öz önümini öndürmek üçin ýurdumyzda çykarylýan spirt ulanylýar. Erkeklere, zenanlara niýetlenen we herbap ysly «OK» belgili parfýumyň 50 müň çüýşesinden gowragy satlyga taýýar edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Abdinur ( 10.11.2022 )

Ассаламу алейкум! Хотели начать сотрудничество как связаться с ИП Шатумар? WhatsApp +77022345022

3