Soňky habarlar

Arhiw

Futzal: Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynda "Nesil" "Milli goşuny" ýeňdi

23:1406.06.2019
0
3441

Türkmenistanyň futzal ligasynyň 15-nji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda geçirilen duşuşykda “Nesil” bilen “Milli goşun” toparlary duşuşdylar. Bu duşuşykda mümkinçiliklerini has ýerlikli peýdalanan “Nesil” 5:4 hasabynda ýeňiş gazandy - diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.  

Ilkinji gezek futzal ligasy ady bilen geçirilýän ýurdumyzyň çempionaty toparlaryň 12-siniň gatnaşmagynda geçirilýär. Iki aýlawdan ybarat bolan futzal ligasynyň duşuşyklarynyň Aşgabatda, Türkmenbaşyda hem-de Änewde geçirilýändigini ýatladýarys. Futzal ligasynyň jemleýji tapgyry 29-njy iýunda geçiriler.

Häzir ýaryş tertibinde "Nesil" 6-njy, "Milli goşun" 8-nji orunda. Ýöne bu toparlaryň birinjisi 17, ikinjisi 15 duşuşyk geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň