Soňky habarlar

Arhiw

Taryh we arheologiýa institutynda Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

10:3606.06.2019
0
1130

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arhelogiýa institutynyň mejlisler jaýynda Ylymlar güni mynasybetli “Ylym-beýik ösüşleriň gözbaşy” atly maslahat geçirildi. Bu maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilelikde geçirdi.

Her ýylyň 12-nji iýuny Türkmenistanyň senenamasynda Ylymlar güni belenilip geçilýär. Şu ýyl hem adaty ýylarda bolşy ýaly, türkmen paýtagty şanly waka mynasybetli türkmen alymlaryy bilen bir hatarda, dünýäniň ençeme ýurtlaryndan gelen alymlary garşylaýar. Ylymlar güni mynasybetli guralan “Ylym-beýik ösüşleriň gözbaşy” atly ylmy–amaly maslahat dabaraly çäräniň baý mazmuna eýedigini kesgitledi.

Maslahatda edilen ylmy çykyşlar energetikadan başlap, ekologiýa çenli dürli ulgamlara innowasiýalary ornaşdyrmagyň möhüm amaly usulyýet meselelerine bagyşlandy. Çykyşlarda bilim ulgamynyň dürli pudaklaryny ösdürmegiň möhüm ugurlaryny belläp geçdiler, özleriniň ylmy-barlag işleriniň netijelerini paýlaşdylar, hyzmatdaşlyk etmegiň we bilelikde işlemäge bolan garaýyşlaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň