Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda galla oragyna girişildi

22:5205.06.2019
0
5360

Türkmenistanda 5-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Ministrler Kabinetiniň 24-nji maýda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagyna ak pata berip, edermen daýhanlara galla meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Oňa laýyklykda, ýurdumyzyň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa, oraga 12-nji iýunda goşularlar.

Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 760 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 450 müň tonna, Mary welaýatynda 380 müň tonna, Lebap welaýatynda 350 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 300 müň tonna we Balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň «Sähraýy», «Juwan», «Bitarap», «Ýolöten — 1», «Ýolöten — 3», «Türkmenbaşy — 1», «Gyzylşaglawuk — 25», «Miras», «Akbaş», «Hasylly» (Batko) we «Watan» (Wassa) ýaly ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Umuman, ýurdumyz boýunça 2019-njy ýylyň galla oragy möwsüminde «CLAAS», «John Deere», «Case», «New Holland» ýaly ýokary öndürijilikli galla ýygnaýan kombaýnlaryň 2 müňe golaýy işlediler. Işler iki çalşykda, gije-gündizleýin alnyp barlar. Ýokary öndürijilikli tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almaga ýardam berer.

Galla oragy möwsüminde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gije-gündiziň dowamynda gallaçylara hyzmat ederler. Olar işledilýän tehnikalary zerur ýangyç-çalgy ýaglary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Ýurdumyzyň galla meýdanlarynda oraga gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler üçin zerur durmuş şertleri döredildi. Ýerlerde medeniýet işgärleriniň çykyşlary we göçme söwda ýola goýlar.

Ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine hem-de ammarlara daşamakda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan berlen ýük ulaglarynyň on müňden gowragy işlediler. Galla oragynyň başlanýan döwrüne çenli degişli barlaghanalar taýýarlanyp, şolarda «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri dänäniň hilini kesgitlär.

Tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleri «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylar. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylda bugdaýy satyn almagyň täze döwlet nyrhlary girizildi. Geçen ýylky bilen deňeşdirilende, azyklyk bugdaýyň bir tonnasynyň bahasy 2 esse ýokarlandyryldy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň, Zenanlar birleşiginiň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, «Galkynyş», «Nesil», «Watan» we «Bereketli toprak» gazetleriniň redaksiýalarynyň bilelikde guramagynda geçiriljek bäsleşik kärendeçileriň, mülkdarlaryň, kombaýnçylaryň we awtoulaglary sürüjileriň öňdebaryjylaryny mälim eder.

Galla oragynyň başlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň welaýatlarynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, welaýatlaryň hem-de etraplaryň häkimlikleriniň, «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda önümçilik maslahatlary geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň