Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçirilýär

10:4905.06.2019
0
7569

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Berkararlyk etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2019-njy ýylyň 6-njy iýunynda 2005-nji (Seýdi) köçesiniň 12-nji jaýynda - «Altyn ýyldyz» Döwlet kärhanasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär. Türkmen metbugatynda bu çäre bilen bagly berlen bildirişde aýdylyşy ýaly, kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmekleri, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklary haýyş edilýär. 
Habarlaşmak üçin salgylar we telefonlar: 
Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-14-56

Bagtyýarlyk etraby Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-23-98

Berkararlyk etraby Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-24-07 Büzmeýin etraby Oguzhan köçesiniň 8-nji jaýy, tel: 33-07-39

Köpetdag etraby Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy, tel: 92-21-82

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň