Soňky habarlar

Arhiw

Saman Hassani Nafez (Eýran): "Türkmenistanyň topary ýaryşa gowy taýýarlanypdyr"

00:2705.06.2019
0
8614

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu günlerde Aşgabatda tennis boýunça çagalaryň arasynda Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirilýär. "Turkmenportalyň" habarçylary halkara ýaryşyň baş emini, eýranly myhman Saman Hassani Nafez bilen söhbetdeş boldular. Şol söhbetdeşligi okyjylarymyz bilen hem paýlaşýarys.

- Çempionatyň geçirilişine nähili baha berýärsiňiz?

- Ähli zat gowy, ýokary derejede. Men munuň üçin Türkmenistanyň Tennis federasiýasyny gutlamak isleýärin. Ähli kortlar ýaryş üçi zerur bolan mümkinçilikler bilen doly üpjün edilipdir. Men bu çempionatyň Aşgabatda geçiriljek has iri ýaryşlaryň badalgasy boljakdygyna ynanýaryn. 

- Siziň pikiriňizçe, haýsy döwletiň türgenleriniň taýýarlygy has gowy?

- Özbegistanyň topary örän gowy taýýarlanypdyr. Türkmenistanly oglanjyklardyr gyzjagazlardan hem beýle ýokary derejedäki çykyşa garaşmaýardym. Olar meni haýran galdyrdy. Elbetde, biz galanyny hem ýaryşyň dowamynda göreris.

- Siz Türkmenistana ilkinji gezek gelýärsiňiz. Aşgabat size ýaradymy?

- Şäher meniň çak edişimden hem owadan eken. Aşgabadyň täze bölümleri has döwrebap. Men şäheriň tas ähli ýerlerine diýen aýlanyp gördüm. Watanyma bu ýerden iň ýakymly duýgular bilen dolanaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň