Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi

23:3804.06.2019
0
6016

4-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjak obasyndaky metjitde mukaddes Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi. Ozal habar berlişi ýaly, halkymyzyň milli baýramçylygy mynasybetli döwlet Baştutany 4-nji iýuny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi.

Baýramçylyk mynasybetli toý sadakasyndan öňürti döwlet Baştutany Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň maşgala aramgähine — gubur başyna gül desselerini goýdy. Milletiň Lideriniň bu asylly göreldesine bu ýere gatnaşyjylaryň ählisi eýerdiler.

Soňra Gypjak obasynda ýerleşen metjitde döwlet Baştutany öz serişdeleriniň — ýazan kitaplary üçin gelip gowşan galam haklarynyň hasabyna toý sadakasyny berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň