Türkmenistanyň Er-Riýaddaky Ilçihanasy welosiped ýörişini geçirdi

14:2104.06.2019
0
3060

3-nji iýunda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosiped ýörüşini gurnady.

Sport çäresi Er-Riýadyň medeni-sagaldyş merkezleriniň birinde geçirilip, oňa DTYA-nyň işjeňleri, Saud Arabystanynda kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri we hormatly myhmanlar gatnaşdylar.

Welosiped ýörüşi başlamazynyň öň ýanynda geçirilen metbugat maslahatynyň dowamynda bu baýramyň BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan Tükmenistanyň teklibi bilen döredilendigi nygtaldy. Munuň özi ýurdumyzyň sporty, şol sanda welosiped sportuny ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde gazananlarynyň halkara derejesinde ykrak edilýändigine şaýatlyk edýär.

Halkara gatnaşyklarynda sport diplomatiýasynyň ähmiýetini berkitmäge Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçly çemeleşýänligi aýratyn bellenildi. Şeýle hem türkmen jemgyýetinde köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmek we degişli düzümleri döretmek, türkmen jemgyýetinde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan uly möçberli işler beýan edildi.

Soňra ýakyn we uzak aralyklara geçirilen bäsleşiklerde çärä gatnaşan ýaşlar çykyş etse, has tejribeli welosipedçiler dürli tilsimleri görkezdiler.

Bäsleşikler tamamlanandan soň Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Oraza aýynynň tamamlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň