Ankarada we Stambulda türkmen diplomatlary welosipedli ýörişleri gurnadylar

21:3703.06.2019
0
3185

3-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkiýedäki edarasynyň goldamagynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosiped ýörüşini gurnady.

Köpçülikleýin çärä Ankaranyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, Türkiýede ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň birnäçesiniň, TRT1 Döwlet telekanalynyň we “Anadolu Ažans” habarlar agentligniň wekilleri gatnaşdylar.

Sport çäresi Ankaranyň golaýyndaky Eýmir kölüniň kenarynda ýörüte welosiped ýodasynda geçirilip, oňa gatnaşanlar 12 kilometr ýol geçdiler.

Sport çäresine badalga beriş dabarasynda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň türkmen Lideriniň başlangyjy bilen Bütindünýä welosiped gününi bellemek barada Rezolýusiýasynyň kabul etmeginiň dünýä bileleşigi tarapyndan ýurdumyzda sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, welosiped sürmegi wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin şertleri döretmek, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça tagallalaryna ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýändigi nygtaldy.

Bütindünýä welosiped güni şeýle hem Türmenistanyň Baş konsullygy Stambulda welosiped ýörüşini gurnady. Çärä diplomatlar we ýurdumyzdan Stambulyň ýokary okuw mekdeplerine bilim alýan talyplar gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň