Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Welosipedçileriň halkara birleşiginiň minnetdarlyk güwänamasy bilen sylaglandy

19:2903.06.2019
0
6215

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatdaky Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde geçirilen dabarada Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) ýolbaşçysy Dawid Lappartýene söz berildi.

Ol döwlet Baştutanymyzy bu günki baýramçylyk bilen gutlap, Bütindünýä welosiped gününiň esaslandyrylmagynda Türkmenistanyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurda alyp barýan işlerini BMG-ä agza döwletleriň hemmesiniň goldaýandygyny nygtady. Şeýlelikde, Welosipedçileriň halkara birleşiginiň milli Liderimize minnetdarlyk güwänamasy bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi barada habar berdi.

Dünýäde sport bilen meşgullanýan Prezidentleriň biri hökmünde döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde, Türkmenistanda welosiped sporty sazlaşykly ösüşe eýe boldy. Şu nukdaýnazardan, jenap Lappartýen Welosipedçileriň halkara birleşigi 2021-nji ýylda trek welosporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň seçilip alnandygyny habar berdi.

Myhman çykyşynyň ahyrynda bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda degişli güwänamany gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň