Türkmenistanly agyr atletikaçy Maksat Meredow dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy!!!

12:4703.06.2019
0
10951

19 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Maksat Meredow Fiji döwletiniň Suwa şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilýän dünýä çempionatynda 73 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Munuň özi halkara derejesindäki ýaryşlara iki ýyl bäri gatnaşyp gelýän türgeniň ilkinji uly üstünligidir.

Halkara agyr atletika federasiýasynyň resmi saýtynda berilýän maglumatlara görä, biziň ildeşimiz ştangany silterläp götermekde, 139, itekläp götermekde 173 kilogram, iki görnüşiň jemi boýunça 312 kilogram netije görkezdi. Onuň bu netijesi, dünýä çempionatynyň bürünç medalyny eýelemek üçin ýeterlik boldy. Şunda biziň ildeşimiziň itekläp götermek boýunça görkezen netijesi bilen (173 kilogram) kümüş medaly hem gazanandygyny aýtmak gerek.

Bu agram derejesinde altyn medala ABŞ-dan gatnaşýan türgen, Aşgabatda geçirilen dünýä çempionatyna hem gatnaşyjy Klerens Kummings JR mynasyp boldy. Ol iki görnüşiň jemi boýunça 337 kilogramlyk netije görkezdi. Moldawiýaly Marin Robu bolsa 320 kilogramlyk netije bilen kümüş medaly eýeledi. Bu agram derejesinde ýaşlaryň arasyndaky dünýä rekordlarynyň üçüsi hem (silterläp, itekläp götermek we iki görnüşiň jemi) şu ýaryşyň altyn medalynyň eýesine - amerikaly türgene degişlidir. Onuň şu ýylyň 24-nji aprelinde Pan-Amerikan çempionatynda goýan rekordy bu gezek täzelenmedi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň