Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Dubaýa ugrady

11:5103.06.2019
0
10696

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy horwatiýaly tälimçi Ante Mişeniň ýolbaşçylygynda 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň taýýarlygynyň çäginde BAE-niň Dubaý şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirmek üçin ugur aldy.

 Ýygyndy toparymyzyň BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 3-11-nji iýun aralygynda geçiriler. Onuň dowamynda milli ýygyndymyz 9-njy iýunda Ugandanyň milli ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Milli ýygyndymyzyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda Ante Mişe onuň ildeşi derwezeçileriň tälimçisi Sandro Tomiç hem-de iki sany ýerli hünärmen, Maksim Belyh bilen Begenç Garaýew kömekleşerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň