Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara tennis ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy

10:2903.06.2019
0
8667

Düýn - 2-nji iýunda "Aşgabat" köpugurly sport toplumynyň tennis kortlarynda geçirilýän 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilýän Merkezi Aziýanyň çempionatynyň açylyş dabarasy boldy.

Dabaranyň başynda alyp baryjy halkara ýaryşa gatnaşýan ýygyndylary şowhun bilen dabaralar meýdanyna çagyrdy. Türkmenistanyň we beýleki gatnaşyjy döwletleriň çagalar ýygyndylary aýdym-sazyň şowhunly owazynyň astynda meýdança geldiler. Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Dabara gatnaşajylaryň ählisi ony agzybirlik bilen ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary P.Agaýewiň dabarany we halkara ýaryşy açyk diýip yglan etmegi bilen, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň ýolbaşçysy A.Myradowa söz berdi. Ol öz çykyşynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurtda sportuň yzygiderli ösdürilýändigine ünsi çekip, bu geçirilýän halkara ýaryşyň sebitiň çagalarynyň arasynda dostlugy berkitmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady. Dabarada Halkara Tennis federasiýasynyň Merkezi we Günbatar Aziýada tennisi ösdürmek boýunça jogapkär edarasynyň wekilleri hem çykyş etdiler.

Soňra Türkmenistanyň gyzlar ýygyndysynyň ýolbaşçysy Jennet Hallaýewa kapitanlaryň adyndan, TTF-niň tälimçisi Andreý Dowmatow ähli eminleriň, şeýle-de özbegistanly türgen ähli oýunçylaryň adyndan kasam kabul etdi.

Şadyýan dabara aýdym-sazlar bilen dowam etdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Merkezi Aziýanyň çempionaty 6-njy iýuna çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň