Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Bütindünýä welosiped güni bilen gutlady

09:3403.06.2019
0
5601

Mähriban halkym! 
Eziz watandaşlar!

Sizi tomus paslynyň ajaýyp günlerinde halkara derejesinde bütin dünýäde, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde giňden bellenýän Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Parahatçylyk we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan sene hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen bu halkara baýramy mynasybetli geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, köpçülikleýin sport çäreleriniň mähriban halkymyzyň kalbynda eziz Watanymyza bolan beýik söýgini has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Bütindünýä welosiped güni parahatçylyk we dostluk, sagdynlyk we ruhubelentlik taglymatlarynyň ähmiýetini has-da artdyrýan halkara baýramdyr. Bu baýram parahatçylygyň ilçisi bolan sporty ösdürmek boýunça netijeli hem-de döredijilikli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de ony ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şoňa görä-de, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda bu halkara baýram eziz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan, jebisligimizi we agzybirligimizi has-da rowaçlandyrýan şanly wakalar bilen utgaşyp, aýratyn ruhubelentlige beslenýär. Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp, medeni-jemgyýetçilik, bedenterbiýe-sport mazmunly çäreleriň, welosipedli ýaryşlaryň, ýörite sergilerdir döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegi ajaýyp zamanamyzyň ýokary döredijilik ruhuny dabaralandyrýar, ýüreklerimize egsilmez şatlyk hem-de joşgun paýlaýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe welosiped sportunyň köpçülikleýin ýaýbaňlandyrylmagy hem-de welosipedli gezelenç etmegiň täsirli dynç alyş bilen utgaşdyrylmagy sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän mähriban halkymyzyň sportuň bu görnüşine bolan höwesiniň barha ýokarlanýandygyny, bedenterbiýäniň we sportuň biziň jemgyýetimiziň umumy medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegine öwrülýändigini aýdyň görkezýär.

Eziz watandaşlar!

Biz soňky ýyllarda agzybir hem-de merdana halkymyzyň gujur-gaýratly, maksada okgunly, ruhubelent, döredijilikli zähmeti netijesinde ägirt uly işleri amala aşyrdyk. Mähriban halkymyň bagtyýarlygy we abadançylygy, jemgyýetimiziň sagdynlygy, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşi bilen berk baglanyşykly özgertmeleri amala aşyryp, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda döwrebap sport desgalaryny, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlary, sport mekdeplerini, atçylyk-sport toplumlaryny, sport meýdançalaryny gurduk. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini, bedenterbiýäni, sporty we olimpiýa hereketini ösdürmek babatynda hem uly üstünlikleri gazandyk.

Biz döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, parahatçylygy we dostlugy rowaçlandyrýan sport diplomatiýasyna aýratyn uly ähmiýet berýäris. Halkara Olimpiýa komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolan Garaşsyz döwletimizde soňky ýyllarda iri sport çäreleriniň — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede geçirilmegi türkmen sportunyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny görkezdi.

Berkarar döwletimizde sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda giňden ýaýran hem-de Olimpiýa oýunlarynyň düzümine girizilen welosiped sportunyň ösdürilmegine hem aýratyn ähmiýet berýäris. Şu maksat bilen, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde sportuň bu görnüşi boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge doly laýyk gelýän hem-de Halkara welosipedçiler bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Welotrek sport binasyny gurduk. Paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde bolsa Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan ýadygärligiň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap sport desgalarynda ýakyn ýyllarda ýene-de iki sany iri halkara sport ýaryşyny — sambo hem-de welotrek boýunça dünýä çempionatlaryny geçirmäge hem ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Munuň özi daşary syýasatymyzyň möhüm bölegi bolan halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dünýä olimpiýa hereketiniň ulgamyna doly we netijeli goşulyşmaga täze mümkinçilikleri açýar.

Mähriban halkym! 
Eziz watandaşlar!

Sizi Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý, dünýäniň sport äleminde gülläp ösýän ýurt hökmünde eziz Watanymyzyň hem-de türkmen sportunyň abraýy has-da belende göterilsin!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň