Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi

02:0501.06.2019
0
7036

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesiniň gelmegi mynasybetli Marydaky Gurbanguly hajy metjidinde öz serişdeleriniň — ýazan kitaplary üçin gelip gowşan galam haklarynyň hasabyna agzaçar sadakasyny berdi. Oňa ýurdumyzyň müftüsi, ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, hormatly ýaşulular hem-de sebitiň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallasy we hemaýat-goldawy bilen Marynyň Gurbanguly hajy metjidiniň durky düýpli täzelenildi. Şeýlelikde, bu kaşaň binanyň daşky görnüşi we içki bezeg aýratynlyklary ýokary ülňülere laýyk derejede ýerine ýetirildi. Bu bolsa metjidiň şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegini we onuň milli binagärlik ýörelgelerine laýyk derejedäki gözelligini üpjün etdi.

Metjidiň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen häzirki zamanyň binagärliginiň öňdebaryjy tejribesiniň utgaşdyrylmagy binanyň özboluşlylygyny şertlendirdi. Ol köpöwüşginli ajaýyplygy bilen haýrana goýýar. Metjidiň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy, döwrebap yşyklandyryş ulgamy bu desga, gündizlerine bolşy ýaly, agşamlaryna hem aýratyn kaşaňlyk çaýýar.

Şu günki waka mynasybetli hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýerde berýän agzaçar sadakasynyň hatyrasyna milli Liderimiziň 2016-njy ýylda Saud Arabystany Patyşalygynda bolup, haj parzyny berjaý eden pursadynda çuňňur hormatyň nyşany hökmünde berlen teperrik Gurbanguly hajy metjidine goýuldy.

Agzaçar sadakasyna gatnaşýanlar mukaddes teperrige togap edip, «Okalan aýat-dogalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, biziň ýurdumyz hemişe asuda bolsun! Goý, biziň halkymyz milli Liderimiziň daşynda has-da mäkäm jebisleşip, hemişe abadan we agzybir ýaşasyn!» diýip, ýagşy dilegleri etdiler.

Agzaçar wagtynyň ýetip gelmegi bilen sadaka gatnaşyjylar agşam namazyny okadylar. Soňra bu ýere ýygnananlara Gadyr gijesiniň hormatyna taýýarlanylan türkmen aşhanasynyň naharlary hödür edildi. Agzaçara gatnaşanlar dürli tagamlardan dadyp, milli Liderimiziň beren sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp, türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň bolmagyny, halkymyzyň agzybirligini, milli Liderimize berk jan saglygyny we üstünlikli işlemegini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün berýän sadakasyny kabul etmegini Beýik Biribardan dileg edip, aýat-doga okady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň