Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

23:4930.05.2019
0
6983

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Dawlatali Saidi kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşyk we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň aýdan mähirli sözlerini ýetirdi. Myhman Täjigistan bilen pugta taryhy we ruhy gatnaşyklary bolan Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda bolmagyň özi üçin uly şatlykdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanyň hökümetiniň Baştutanynyň birinji orunbasary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna Türkmenistanyň Başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda geçirilýän wekilçilikli forumyň ähmiýetini belläp, myhmansöýer türkmen topragynda geçirilýän bu gezekki duşuşygyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňyn netije berjekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly döwletiň Baştutanyna we tutuş halkyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygyny aýtdy. Şeýlelikde, iki ýurduň halklarynyň bähbidine Täjigistan bilen deňhukukly we özara bähbitli esasda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilýär.

Hormatly Prezidentimiz Täjigistanyň Prezidentine geçen ýyl Araly halas etmegiň halkara gaznasyna gatnaşyjy ýurtlaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen sammitine gatnaşandygy, Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygy, şeýle hem GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçirilýän mejlisine gatnaşmak üçin ýörite wekiliýeti ugradandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we oňa alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda bolşy ýaly, GDA-nyň çäklerinde ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şonda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, energetika, ulag ugurlarynyň hem-de dostlukly döwletleriň hyzmatdaşlyk boýunça baý tejribe toplan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň wajypdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini belläp, ekologiýa meselesini çözmekde tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň möhümdigini nygtadylar. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hem-de beýleki iri forumlarda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň suw meselesiniň ähli ugurlary boýunça sebit we sebitara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilýändigi bellenildi.

Hususan-da, munuň özi serhetüsti suw serişdelerini toplumlaýyn we oýlanyşykly peýdalanmagyň özara kabul ederlikli guralyny işläp taýýarlamak meselelerine degişlidir. Şolar umumy ykrar edilen kadalaryň we halkara hukuk ýörelgeleriň esasynda sebitiň döwletleriniň bähbitlerini nazara almak arkaly çözülmelidir.

Söhbetdeşler ulag ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine degişli meselelere degip geçmek bilen, diňe bir iki ýurduň däl, eýsem, tutuş sebitiň halklarynyň bähbidine gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň bu ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini nygtadylar.

Elektroenergetika, söwda, nebitgaz senagaty we oba hojalygy ugurlaryndaky netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hazmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-täjik toparynyň bilelikdäki işine möhüm orun degişlidir.

Milli Liderimiz ýurdumyzda ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan özgertmeler barada aýdyp, bu ugurdaky maksatnamalaryň toplumlaýyn häsiýete eýedigini we onuň ýurdumyzyň durmuş syýasaty bilen ugurdaş alnyp barylýandygyny aýtdy.

Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz we myhman medeni ugurdaky hyzmatdaşlyklara ähmiýet berilmelidigini belläp, türkmen hem-de täjik medeniýet, sungat işgärleriniň arasynda döredijilik alyşmalaryny dowam etmek arkaly, bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy barada aýtdylar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary iki ýurduň dostluk we hoşniýetli gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklap, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de giňeltmegiň wajypdygyny nygtadylar.

Duşuşyga Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Farruh Homiddin Şarifzoda gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň