Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministrini kabul etdi

23:1930.05.2019
0
3821

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanda Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Askar Maminiň belleýşi ýaly, öz ýurdunda doganlyk Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan oňyn syýasatyna we sebit hem-de ählumumy möçberde parahatçylyk, durnuklylyk we abadançylyk esaslarynyň berkidilmegine gönükdirilen wajyp halkara başlangyçlaryna ýokary baha berilýär hem-de şolar hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we bu ýurduň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe hem-de dostlukly ýurduň tutuş halkyna hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy. Türkmen we gazak halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu ýörelgeler häzirki taryhy eýýamda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.

Milli Liderimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Askar Mamini Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň wezipesine saýlanylmagy bilen gutlady hem-de oňa jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan gatnaşyklaryň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde türkmen we gazak halklarynyň gadymy doganlyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine daýanylýar. Iki döwletiň halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk söýüjilik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolmagy abraýly halkara düzümleriň çäklerindäki ýakyn gatnaşyklary, ählumumy we sebit ösüşiniň esasy meseleleri boýunça özara düşünişmek ýörelgelerini ösdürmek üçin oňyn binýat bolup durýar. Bu babatda iki ýurduň garaýyşlary ýakyndyr ýa-da meňzeşdir.

Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady, ulag-logistika we energetika ýaly möhüm ulgamlardaky gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, «Demirgazyk — Günorta» halkara demir ýolunyň hem-de türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça ýakyn wagtda iki goňşy ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň, ýolagçy gatnatmagyň we ýük daşamagyň mukdarynyň artdyrylmagyna mümkinçilik berjek häzirki zaman Türkmenbaşy — Gazagystan awtomobil ýolunyň gurluşygynyň ähmiýeti bellenildi.

Serhetýaka hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylanda iki döwletiň üstaşyr kuwwatyny durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň öňe sürýän energetika taslamalaryny amala aşyrmak hem-de şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna we oňa bagyşlanan täzeçil tehnologiýalaryň sergisine Gazagystanyň wekilleriniň gatnaşmak meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin biziň ýurtlarymyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi we döwletara gatnaşyklaryň täze geljegi uly ugurlaryny kesgitlemekde ykdysady, ylmy-tehniki hem-de medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň ähmiýetini nygtady.

Goňşy ýurtlaryň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatynyň doly derejede amala aşyrylmagyna gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda gazhimiýa pudagyndaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine bolan özara gyzyklanmalar mälim edildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz GDA gatnaşyjy ýurtlaryň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň öňde boljak mejlisiniň köptaraply döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge, Arkalaşygyň döwletleriniň arasyndaky dostluk gatnaşyklary pugtalandyrmaga önjeýli goşant boljakdygyna hem-de birnäçe ugurlar boýunça bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň amala aşyrylmagyna kömek etjekdigine ynam bildirdi.

Medeni-ynsanperwer ugurdaky, medeniýet, syýahatçylyk hem-de sport ulgamlaryndaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygy bellenildi.

Askar Mamin 2019-njy ýylda Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň derejesine ýokary baha berip, bu gatnaşyklaryň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyna mahsusdygyny we onuň GDA-nyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklarda öz beýanyny tapýandygyny nygtady hem-de munuň hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin kuwwatly ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 28-nji maýda kabul eden we Aral sebitiniň ýurtlarynyň abadançylygyna gönükdirilen “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamanyň ähmiýetini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri iki ýurduň we doganlyk halkyň bähbidine kybap gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de täze mazmun bilen üstüniň ýetirilip, sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žandos Asanow hem gatnaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň