Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda awtobus petekleriniň onlaýn satuwy gurnaldy

21:1130.05.2019
0
34395

Indi şäherara awtobuslaryna petegi kassadan, ykjam telefondan ýa-da öz-özüňe hyzmat ediş terminalyndan alyp bolar - diýip, "Altyn asyr: Türkmenistan" elektron gazeti habar berýär.

Aşgabadyň ýolagçy awtoulag önümçilik birleşigi we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” kompaniýasy awtomenzil.gov.tm saýtynda awtobus peteklerini satyn almak üçin onlaýyn hyzmaty ornaşdyrdylar.

Gitmezden on gün öň onlaýn-petekleri satyn almak diňe bir oňaýly bolman, eýsem aşa aňsatdyr. Jemgyýetçilik ýerlerinde – şäher awtowokzallarynda, bazarlarda, söwda merkezlerinde we ş.m ýerlerde oturdylan terminallarda goşmaça sensor düwme peýda boldy. Müşderi terminalyň ekranyndaky menýunyň ýa-da gözleg setiriniň kömegi bilen gitjek senesini we wagtyny, ulgamyň talap edýän rekwizitlerini görkezýär. Hakyny töläniňizden soň siz awtobusa elektron petekli bolýarsyňyz.

Ykjam telefondan ýa-da kompýuterden petek almak üçin “Altyn Asyr” bank kartyndan peýdalanyp bolar. Telefonyň eýesine öz telefon belgisini, pasport maglumatlaryny, gitjek wagtyny görkezmek ýeterlikdir.

Operator talapnamany işländen soň görkezilen telefona elektron petek ugradylar. Awtobusa münülende elektron petegiň çap edilen görnüşini görkezmek hökman däl, diňe pasportyňy görkezäýmeli. Uzak ýola gatnaýan awtobuslaryň ählisi POS-terminallar bilen üpjün ediler, olaryň kömegi bilen töleg awtomatiki usulda barlanylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň