Arhiw

Futbol, TÝL - 2019: "Altyn asyr" myhmançylykda "Merwi" ýeňdi

20:5228.05.2019
0
12277

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 5-nji tapgyrynyň galdyrylan duşuşygy Maryda geçirilip, ýerli “Merw” paýtagtymyzyň “Altyn Asyryny” kabul etdi.

Bu duşuşyk 3:1 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy. Bu duşuşykda paýtagtymyzyň toparyna ýeňiş getiren toplary Bagtyýar Gürgenow, Gurbangeldi Batyrow hem-de Myrat Annaýew dagy geçirmegi başardylar.

Gazanan bu ýeňşinden soň 19 utuk toplan “Altyn Asyr” ýaryş tertibinde eýeleýän üçünji ornuny saklap galdy. 6 utugy bolan “Merw” ýaryş tertibinde soňky orunda barýar.

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

“Merw” – “Altyn Asyr” – 1:3

Gollar: 70 Döwlet Döwletmyradow (“Merw”) – 32 Bagtyýar Gürgenow, 47 Gurbangeldi Batyrow, 81 Myrat Annaýew (“Altyn Asyr”)

Duýduryşlar: 38 Arslan Ýusupow, 66 Döwlet Döwletmyradow, 90+3 Ilýa Tamurkin (“Merw”) – 48 Bagtyýar Gürgenow, 90+1 Seýitmyrat Çaryýew (“Altyn Asyr”)

Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: S.Ýaryýew (Türkmenabat ş.)

Tomaşaçy sany: 500

ÝARYŞ TERTIBI:

1. “ŞAGADAM” 11/22

2. “AHAL” 11/20

3. “ALTYN ASYR” 10/19

4. “ENERGETIK” 11/15

5. “KÖPETDAG” 11/12

6. “NEBITÇI” 11/12

7. “AŞGABAT” 10/10

8. “MERW” 11/6

Iň köp top geçiren:

1. Annadurdyýew Altymyrat “Altyn Asyr” FK – 7 top

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň