Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen agyr atletikaçylary ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşar

17:4028.05.2019
0
5207

1 - 8-nji iýun aralygynda Fiji döwletiniň Suwa şäherinde agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionaty geçiriler. Halkara agyr atletika federasiýasynyň täze düzgünnamasy ýaşlaryň arasyndaky jahan birinjiliginiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Düzgünnama görä, bu çempionat Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyrlarynyň hataryna goşuldy. Bu ýagdaý çempionlyk ugrundaky göreşiň has ýiti boljakdygyny görkezýär.

Dünýä çempionatynda biziň ýurdumyza dört türgen wekilçilik eder. Olaryň ählisi hem Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplarydyr. Has takygy, Bunýat Raşidow (67 kilogram), Maksat Meredow (73 kilogram), Şatlyk Şöhradow (81 kilogram) we Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň altyn (2017 ý.), ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynyň bürünç (2018 ý.) medalynyň eýesi  Polina Gurýewa (64 kilogram) dagylar dünýä çempionatynda Türkmenistanyň sport abraýyny artdyrmak üçin göreşer. Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň baş kätibi Çarygeldi Mämmedowyň ýolbaşçylygyndaky toparda tälimçiler Artur Emirýan bilen Mansur Rejebow hem bar.

Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, türkmen türgenleriniň dünýä çempionatyndaky gazanjak üstünligi olaryň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga mümkinçiligini artdyrar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň