Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

03:4928.05.2019
0
10020

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň gün tertibine welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meseleleri girizildi.

Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda işleriň ýagdaýy, galla oragyna görülýän taýýarlyk, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şonuň bilen birlikde, welaýatda bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň barşy, tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak üçin oragy guramaçylykly geçirmegiň anyk meýilnamasyny düzmegiň, kombaýnlaryň we awtoulag serişdeleriniň zerur mukdaryny kesgitlemegiň zerurdygyny belledi. Oraga gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi hem-de dynç almagy üçin ähli şertler döredilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow galladan boşan ýerlerde gök-bakja ekinlerini, mekgejöwen, ýorunja we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek barada häkime degişli tabşyryklary berdi. Milli Liderimiz yssy howanyň başlanmagy bilen, welaýatda, aýratyn-da, ekin meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmegini üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsümine degişli derejede taýýarlyk görmek barada häkime anyk görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde gurluşygy dowam edýän durmuş-medeni ähmiýetli desgalaryň bellenilen möhletinde ýokary hilli gurlup, ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi yzygiderli gözegçilikde saklamak barada häkime anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakynda ýurdumyzda ajaýyp baýramçylygyň — Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden belleniljekdigini aýdyp, oňa bagyşlanan ähli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Göni wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa welaýatda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berip, bugdaý oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler we şunuň bilen baglylykda, bu jogapkärli möwsümde işlediljek oba hojalyk tehnikalarynyň hem-de täze hasylyň bökdençsiz kabul edilmegi üçin däne kabul ediş bölümleriniň taýýarlanylyşy, beýleki degişli wezipeleriň çözülişi barada habar berdi.

Welaýatyň durmuş-ykdysady düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, dürli ähmiýetli täze desgalaryň gurluşyklarynyň depginleri barada hem hasabat berildi.

Milli Liderimiz bugdaý oragy hem-de ýygym möwsümine gatnaşýan ähli ulgamlaryň üznüksiz işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny aýdyp, bellenen kadalara laýyklykda, möwsümleýin agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz sebitde gök-bakja ekinlerini, şol sanda şu maksatlar bilen, galla oragy tamamlanandan soň, boşan ýerleri ulanmak arkaly bu ekinleri, ýorunja, mekgejöwen ösdürip ýetişdirmäge üns berilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomsuň ýetip gelendigi hem-de yssy howanyň başlanandygy barada aýdyp, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň pugta berjaý edilmelidigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz welaýatda Çagalary goramagyň halkara gününi mynasyp baýram etmek, bu senä bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew ýolbaşçylyk edýän sebitinde işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, galla oragy möwsümine taýýarlyk görlüşi, häzirki alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada habar berdi. Şeýle hem desgalaryň gurluşyk işleriniň depginleri, ýakynlaşyp gelýän tomus hem-de mekdep okuwçylarynyň dynç alyş möwsümi bilen baglylykda, görülýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna S.A.Nyýazow adyndaky etrapda 1496 hojalyga niýetlenen täze ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak baradaky kararyň taslamasy hödürlenildi. Toplumyň çäklerinde mekdep, çagalar bagy, saglyk öýi, hyzmatlar öýi bina ediler. Gurluşygy iki tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz welaýatyň her etrabynda galla oragynyň düýpli oýlanyşykly guralmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, ýer eýeleri, mehanizatorlar hem-de bu jogapkärli möwsüme gatnaşjak ähli adamlar üçin zähmet çekmek we dynç almak üçin gerekli şertleri döretmegiň zerurdygyny belledi. Möwsüme tehnikalar hem-de degişli enjamlar, däne kabul ediş bölümleri doly taýýar edilmelidir.

Şeýle hem häkime Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak baradaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly häkime iberdi. Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtda sanly wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bu welaýata gözegçilik edýän orunbasary G.Myradowy çagyryp, adamlaryň abadan durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döretmäge degişli meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny nygtady hem-de täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyny halkymyza mahsus däp bolan toý görnüşinde geçirmek barada tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitde alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Häkim galla oragyny gysga möhletde we ýitgisiz geçirmek boýunça görülýän çäreler, oba hojalyk meýdanlarynda bellenilen kadalara laýyklykda amala aşyrylýan möwsümleýin agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz galla oragyna taýýarlyk görülmegine hem-de umuman, wajyp oba hojalyk möwsümleriniň geçirilmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, munuň üçin ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmäni ulanmagyň, obasenagat toplumynda iň gowy tejribäni utgaşdyrmak bilen öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň gerekdigini aýtdy.

Milli Liderimiz welaýatyň täze gurulýan desgalarynda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde bina edilýän desgalarda gurluşyk işleriniň depginini artdyrmak, şeýle hem sebitde, aýratyn-da, meýdanlarda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmek hem-de Çagalary goramagyň halkara gününi bellemek bilen bagly meselelere degip geçmek bilen, häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra göni wideoaragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew çagyryldy. Ol sebitdäki, şol sanda obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýy, agrotehnikanyň talaplaryna we kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Galla oragyna hemmetaraplaýyn görülýän taýýarlyk işleri, kombaýnlaryň hem-de ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine we ammarlara öz wagtynda daşamak üçin awtoulag serişdeleriniň talabalaýyk işledilmegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hem habar berildi.

Häkim sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berip, Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakyndaky Karary üçin welaýatyň ähli ilatynyň adyndan milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Şu etraplarda hem-de Mary şäherinde guruljak ýaşaýyş jaýlarynda maşgalalaryň 3066-sy täze jaý toýuny tutarlar.

Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň sazlaşykly geçirilmegini, onda işlediljek tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmegi tabşyryp, beýleki oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin welaýatda bar bolan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmak meselesine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Mary welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewi göni wideoaragatnaşyga çagyryp, täze şäherçeleriň düýbüni tutmak dabarasyny baýramçylyk ýagdaýynda, uly türkmen toýuna mahsus derejede guramagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem häkime sebitiň ekin meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmek, Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäreleri ýokary derejede guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde, bu senäni her ýyl 1-nji iýunda giňden belleýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýewiň, Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda wideokonferensiýa görnüşinde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegine 10 ýylyň dolýandygyny belläp, assosiasiýanyň nobatdaky toý mejlisini geljek ýylda Lebap welaýatynda geçirmek baradaky meselä ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, eziz Diýarymyzyň gündogar sebitinde bar bolan ajaýyp binagärlik ýadygärlikleriniň türkmen halkynyň baý taryhyndan we medeniýetinden habar berýändigini aýtdy. Gadymy döwürlerde bu ýerden — Amuldan Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollary geçipdir. Ol Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň medeni hem-de söwda hyzmatdaşlygynyň ýoly bolup hyzmat edipdir. Täze taryhy eýýamda Lebap welaýatynda döwrebap durmuş-ykdysady we ulag düzümleri döredildi. Bu ýerde atçylygyň ösdürilmegine möhüm üns berilýär.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisleriniň ýurdumyzyň welaýatlarynda gezekli-gezegine geçirilmegi behişdi bedewleriň wagyz edilmegini, türkmen halkynyň milli buýsanjy we onuň umumadamzat gymmatlygyna goşan goşandy bolup durýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki şöhratynyň belende galmagyny şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde Lebap welaýatynyň Atçylyk sport toplumyny döwrebap derejede taýýarlamagyň, onuň çapuw ýodalarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk getirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleri ýokary derejede ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz oba zähmetkeşleriniň öňünde durýan örän jogapkärli wezipä — daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen kemala getirilen bereketli bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak wezipesine ünsi çekdi. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň geçen hepdede geçiren mejlisinde ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragyna başlamagyň möhletini kesgitläp, edermen kärendeçi gallaçylara bu işi gysga möhletde geçirmäge ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin her etrapda galla oragyny guramaçylykly alyp barmagyň anyk meýilnamasyny düzmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şonuň bilen birlikde, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow galla oragynda işlediljek kombaýnlaryň, ýygnalan hasyly daşajak awtoulaglaryň sanyny kesgitläp, olary möwsüme doly taýýar etmegiň günüň möhüm talabydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz orak möwsüminde işlejek adamlaryň gije-gündiziň dowamynda gyzgyn nahar hem-de beýleki zerur şertler bilen üpjün edilmelidigini, hususan-da, meýdan düşelgelerinde gallaçylaryň armasyny ýetirmek maksady bilen, medeni çäreleri geçirmek barada tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatlarda ähli ammarlary we kabul ediş bölümlerini täze hasyly kabul etmäge doly taýýarlamagyň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz tabşyrylan galla hasyly üçin özara hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegine aýratyn üns berilmelidigini belläp, kärendeçiler bilen hasaplaşyklary geçirmekde «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de onuň ýerlerdäki şahamçalarynyň işinde hiç hili bökdençlikleriň bolmaly däldigi barada Merkezi bankyň başlygyna berk tabşyryklary berdi.

Iş maslahatynyň barşynda galladan boşan meýdanlary ekin dolanyşygy üçin peýdalanmak barada görkezme berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlarda tomusky dynç alyş möwsümini göwnejaý guramak hem-de yssy günleriň başlanmagy bilen, ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine, aýratyn-da, meýdanlarda ýangyn howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilişine berk gözegçilik etmek barada welaýatlaryň häkimlerine degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlarda gurluşyk işleriniň barşy baradaky meselä degip geçip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň bu durmuş ugurly döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilige almagy tabşyrdy. Adam hakyndaky hemmetaraplaýyn alada şol syýasatyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan giň gerimli işleriň maksadynyň ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini we türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendigini belledi. Eziz Diýarymyzyň her bir raýaty «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarymyzyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny öz durmuşynda duýmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge hem-de berkarar Watanymyzyň abadançylygyna gönükdirilen işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň