Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamynda pudagara toparlarynyň düzümi tassyklanyldy

02:1628.05.2019
0
1877

Ýurdumyzda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak, şeýle-de bu ugurda alnyp barylýan işleri hasam kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda Türkmenistanyň keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň düzümi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Saglyk döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, Saglygy goraýyş ulgamyny halkara kadalaryna laýyklykda hasam ösdürmek, bütewi öňüni alyş ulgamyny döretmek, saglygy goraýyşy dolandyrmagy kämilleşdirmek, raýatlaryň saglygyny goramak boýunça alnyp barylýan işleri utgaşdyrmak, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak boýunça zerur çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de saglygy goraýyş babatda köp ulgamlaýyn pudagara hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda saglygy goraýyş boýunça köp ulgamlaýyn pudagara toparynyň düzümi tassyklanyldy. 
Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz nesihat etmek şeýle-de bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Saglyk-2020 syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzda ýokanç keseleriň öňüni almak, olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat jarnamasynda bellenen çärelerde we tekliplerden ugur alyp, milli we umumy adamzat gymmatlyklaryny esasynda raýatlarymyzyň sagdynlygyny gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat jarnamasynda bellenen wezipeleri 2014-nji 2020-nji ýyllarda amala aşyrmagyň milli strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça milli utgaşdyryjy geňeşiň düzümi tassyklanyldy. 
Ilatymyzyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz-nesihat etmek we giňden ornaşdyrmak, temmäkä garşy göreşmek, raýatlarymyzyň saglyk ýagdaýyny hasam gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwürmek üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017-nji 2021-nji ýyllar üçin milli maksatnamasyny amala aşyrmak baradaky pudagara utgaşdyryjy toparyň düzümi tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň