Daşoguz welaýatynda täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumy gurlar

22:5127.05.2019
0
8340

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-njy 2025-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Daşoguz welaýatynyň häkimligine Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumyny 2019-njy we 2024-nji ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak, şu toplumyň gurluşygynyň 1-nji tapgyryny 2019-njy, 2022-nji ýyllarda we 2-nji tapgyryny 2021-nji we 2024-nji ýyllarda amala aşyrmak, täze guruljak ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň baş meýilnamasyny üç aý möhletde işläp düzmek tabşyryldy. Daşoguz welaýatynyň häkimligi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary täze guruljak ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynda gurulmaly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny üpjün etmäge borçly edildi. 
Çeşme «Watan» habarlar gepleşigi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň