Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-inde Bahreýn Patyşalygynyň GPIC şereketiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

22:0727.05.2019
0
1949
Türkmenistanyň DIM-inde Bahreýn Patyşalygynyň GPIC şereketiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň «Gulf Petrochemical Industries Company» (GPIC) şereketiniň müdirler geňeşiniň başlygy Ahmed Al Şarýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi - diýip. Türkmneistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem gepleşikleriň çäklerinde taraplar Türkmenistanda nebitgaz we gaz himiýa pudaklarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Taraplar ammiak we azot önümçiligi ulgamynda özarabähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň