Aşgabatda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

22:0127.05.2019
0
3924

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda türkmen-german syýasy geňeşmeleri geçirildi. German wekiliýetine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ygtybarly wekili Mihael Zibert ýolbaşçylyk etdi.

Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar abraýly halkara guramalaryň, aýratyn hem Ýewropa Bileleşiginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de taraplar syýasy, ykdysady, söwda, energetika, ulag, saglygy goraýyş, bilim ulgamlardaky meseleler boýunça pikir alyşdylar. Halkara energetika we ekologiýa howpsuzlygy boýunça sebitleýin meseleler babatda hem maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň öndürijilikli häsiýetini belläp, taraplar saglyk we bilim pudaklarda iki ýurduň potensiallary bilen tanyşmak maksatly dürli derejedäki saparlar alyş-çalşygyny artdyrmak mümkinçiligine seredip geçdiler.

Türkmen paýtagtynda geçirilmegi meýilleşdirilýän türkmen-german iş toparynyň nobatdaky mejlisi hakynda aýdanlarynda, taraplar bu çäräniň çäginde biznes-forumy hem-de dostlukly ýurduň medeniýet günlerini geçirmekligi teklip etdiler.

Mundan başga-da, muzeý işine we binagärlige aýratyn üns bermek bilen, taraplar geljekde ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatda birnäçe teklipleri berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň