Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

17:1827.05.2019
0
4484

Ýakynda Daşkent şäheriniň «Miran International Hotel Tashkent» myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda özara hyzmatdaşlyk barada söhbetdeşlikler geçirildi diýip, olympic.uz saýty habar berýär.Özbegistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň resmi saýtynyň nygtamagyna görä, bu hyzmatdaşlyk iki tarap üçin hem juda ähmiýetlidir. Birinjiden, bu hyzmatdaşlyk iki goňşy döwletiň arasyndaky dostlugy sport arkaly has berkitmäge ýardam berse, ikinjiden, sportuň birnäçe, esasan hem, olimpiýa görnüşleri boýunça tejribe alyşmak, bilelikde okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmek geljekki üstünlikleriň başlangyjy bolar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirdi. Munuň üçin biziň ýurdumyzda ýokary tejribä we sebitde deňi-taýy bolmadyk sport toplumyna - Olimpiýa şäherçesine eýe. Özbegistan 2028-nji ýylda "Aziýanyň çagalary" oýunlaryny we 2030-njy ýylda Aziýa oýunlaryny geçirmäge dalaşgär döwletleriň hatarynda. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň iri sport ýaryşlaryny geçirmekde toplan tejribesi goňşy döwletiň wekilleri üçin peýdaly bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmadaşlyk baradaky Ylalaşyga gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň