2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna 32 ýygyndy gatnaşar

01:1427.05.2019
0
5262

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň final tapgyrynda milli ýygyndylaryň 32-si çykyş eder diýlip, FIFA-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarda bellenilişine görä, mundan öň FIFA dünýä çempionatyny guraýjy bolan Kataryň futbol ýolbaşçylary bilen final tapgyryna ýygyndylaryň 48-sini gatnaşdyrmak barada gepleşikleri geçiripdi. Ikitaraplaýyn geçirilen seljermelerden soň, final tapgyryna gatnaşjak milli ýygyndylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmagyň häzirki şertlerde mümkin däldigi ýüze çykaryldy.

Şeýlelikde, ikitaraplaýyn gelnen ylalaşyga laýyklykda 2022-nji ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň final tapgyryny milli ýygyndylaryň 32-si bilen geçirmek kararyna gelindi. Resmi saýtda bellenilişine görä, 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynda milli ýygyndylaryň 48-si gatnaşdyrylar. Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň 2022-nji ýylyň 21-nji noýabr – 18-nji dekabr aralygynda boljakdygyny ýatladýarys.

Ýeri gelende aýtsak, dünýä çempionaty – 2022-niň AFK yklymyndaky saýlama tapgyryna 5-nji sentýabrda badalga berler. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň saýlama tapgyrdaky garşydaşlary 17-nji iýulda geçiriljek bije çekişlikde belli bolar.

Horwatiýaly tälimçi Ante Mişeniň ýolbaşçylygynda milli ýygyndymyzyň deslapky ýygnanyşygy 26-njy maý – 3-nji iýun aralygynda paýtagtymyzda geçiriler. Şondan soň ýygyndy toparymyz BAE-niň Dubaý şäherine ugur alar. Ante Mişeniň tälim berýänleri Dubaýda Afrika yklymyna wekilçilik edýän ýygyndylaryň ikisi– Jibutiniň (5-nji iýun) hem-de Ugandanyň (9-njy iýun) milli ýygyndylary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer. Ýygyndy toparymyzyň BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 3-11-nji iýun aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň