Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Türkmen halysynyň baýramyny belleýär

23:5926.05.2019
0
8195

Şu gün paýtagtymyzda maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi geçirildi. Iri pudaklaýyn sergini Dokma senagaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy gurady.

Türkmen halysynyň milli muzeýiniň zallarynda hem-de oňa ýanaşyk bezelen meýdançalarda geçirilýän haly we haly önümleriniň giň gerimli sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bu täsin muzeýiň ýygyndysy dünýä ähmiýetli çeper gymmatlyklaryň genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň uly baýlygynyň gadymy nusgalarynyň we häzirki zaman görnüşleriniň 2 müňe golaýyny öz içine alýar.

Dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza Ýewropanyň hem-de Aziýanyň dürli döwletlerinden, şol sanda Germaniýadan, Fransiýadan, Hytaýdan, Saud Arabystanyndan, Türkiýeden, Owganystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan myhmanlar geldiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, ylym-bilim merkezleriniň hem-de iri halyçylyk kärhanalaryň, söwda kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisine gatnaşyjylar bar.

Milli muzeýiň ýanynda şu gün ýaýbaňlandyrylan owadan sergi myhmanlara türkmen obasynyň keşbine gezelenç etmäge hem-de milli ak öýleri synlamaga mümkinçilik döretdi. Şolarda biziň zähmetsöýer zenanlarymyz ýüplük egirýärler we reňkleýärler, olary dokalýan enjamlar boýunça bölýärler hem-de synlaýan adamlaryň gözüniň alnynda beýan edip bolmajak gözelligiň däp bolan göllerini döredýärler. Şeýle hem bu ýerde uly bolmadyk sowgatlyk halylardan başlap, dürli ölçegli dokalyp gutarylan halylar görkezildi.

Soňra serginiň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar Türkmen halysynyň milli muzeýiniň zallaryna bardylar. Şol ýerde pudagyň işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, ýurduň dürli künjeklerinden ussat gelin-gyzlarymyzyň on altysyna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.

Mundan başga-da, şol gün tutuş ýurdumyz boýunça döredijilik, medeni çäreler we sport ýaryşlary guraldy. Olar ussat zenanlarymyzyň ägirt uly zehinine we joşgunly zähmetine, milli gymmatlygymyza bagyşlandy.

Şu gün Dokma senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi hem geçirildi. Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly hem-de ýurdumyzyň bilermenleriniň çykyşlary diňlenip, olarda sebitiň we dünýäniň dürli ýurtlarynda elde haly dokamagyň ösüşiniň taryhyny, halklaryň amaly-haşam senetçiliginiň häzirki zaman däpleriniň özara täsirini hem-de sungaty wagyz etmegi öwrenmegiň möhüm meselelerine deglip geçildi. Halyçylyk pudagyny ösdürmekdäki ykdysady ugurlara, reňkleri we ýüplükleri öndürmekde kämilleşdirilen ylmy-tehniki taýýarlamalary ornaşdyrmagyň wezipelerine aýratyn üns berildi.

Baýramçylygyň şanyna ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onda edebi-sazly hem-de folklor-etnografiýa, tans çykyşlary, söýgi baradaky halk hem-de häzirki zaman aýdym-sazlary ýerine ýetirildi.

Forumyň çäklerinde «Dünýäniň bezegi türkmen halysy» atly halkara sergä gatnaşyjylara diplomlaryň we şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň