Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy Aziýa kubogynyň ýarym finalyna çykyp bilmedi

14:5926.05.2019
0
6819

Surat: FIBA.

Türkmenistanyň 3x3 basketbol boýunça zenanlar ýygyndysy Hytaýyň Çanşa şäherinde geçirilýän Aziýa kubogyndaky çykyşyny çärýek finalda jemledi. Türkmen basketbolçylarynyň göreşi we tejribesi ýaryşyň ýarym finalyna çykmaga ýeterlik bolmady diýip, FIBA-nyň resmi saýty habar berýär.

Çärýek finalda biziň ildeşlerimiz Mongoliýanyň güýçli ýygyndysyndan 15:17 hasabynda asgyn geldi. Şeýlelikde, yklym ýaryşynyň ýarym final duşuşyklary Awstraliýa bilen Mongoliýanyň hem-de Gazagystan bilen Ýaponiýanyň arasynda geçiriler. Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy bolsa Aziýanyň we Okeaniýanyň iň güýçli ýygyndylarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşda öňdäki 8 orna girdi.

Yklym ýaryşynda ýurdumyzyň zenanlar ýygyndysyna Aýna Gökowa, Nigýara Nagiýewa, Leýla Halilowa we Wiktoriýa Rahmanowa dagylar wekilçilik etdi. Milli ýygyndymyza Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Bahar Magtymowa tälim berýär.

Aziýa kubogy Aziýa bilen Okeaniýanyň 3x3 basketbol boýunça geçirýän iň iri halkara ýaryşydyr. 2013-nji ýylda esaslandyrylan ýaryşyň ilkinjisi Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilipdi. Täze Zelandiýanyň ýygyndysy yklymyň häzirki çempionlarydyr.

3x3 basketbolyň Halkara Olimpiýa komitetiniň gelen çözgüdi bilen Tokio - 2020 Olimpiýa oýunlarynyň hem maksatnamasyna girizilendigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň