Soňky habarlar

Arhiw

"Nebitçini" ýeňen "Köpetdag" ýeňlişsiz tapgyryny 6 duşuşyga çykardy

23:5325.05.2019
0
9994

 Şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 11-nji tapgyrynyň duşuşyklary tamamlandy. 

Tapgyryň jemleýji duşuşygynda paýtagtyň "Köpetdag" futbol topary Balkanabadyň "Nebitçisini" kabul etdi. Duşuşyk ýer eýeleriniň geçiren ýeke-täk pökgüsi bilen tamamlandy - 1:0. Pökgini duşuşygyň 23-nji minidynda "Köpetdagyň" 23 ýaşly hüjümçisi Batyrgylyç Berdiýew geçirdi. Şeýlelikde, ýeňlişsiz duşuşyklarynyň tapgyryny 6 oýna çenli çykaran "Köpetdag" wagtlaýyn baş tälimçisi Çary Annakowyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji ýeňşini gazandy. Täze tälimçiniň Turkmenportala beren ýörite interwýusynda hem aýdyşy ýaly, "Köpetdag" şu ýaryş tertibiniň ilkinji üç ornunyň birini maksat edinýär.

Bu ýeňişden soňra utugyny 12-ä çykaran "Köpetdag" ýaryş tertibiniň 5-nji basgançagynda. Edil şu tapgyrdaky garşydaşy ýaly, 12 utuk toplan "Nebitçi" ýaryşda 6-njy orunda.

Çempionat 28-nji maýda 5-nji tapgyryň "Merw" - "Altyn asyr" duşuşygy bilen dowam etdiriler.

 “Köpetdag” – “Nebitçi” – 1:0

Gollar: 20 Batyrgylyç Berdiýew (“Köpetdag”)

Duýduryşlar: 65 Meýlis Diniýew, 90+3 Döwletmyrat Seýitmuhammedow (“Köpetdag”) – 55 Mämmedaly Karadanow, 83 Seýitmämmet Hojamämmedow, 90+4 Akmyrat Begjanow (“Nebitçi”)        

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 500

Bellik: ýaryş tertibi we iň netijeli futbolçylaryň sanawy şu habaryň rus dilindäki bölüminde ýerleşdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň