Arhiw

Türkmenistanyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasy geçirildi

21:2725.05.2019
0
6740
Türkmenistanyň mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasy geçirildi

25-nji maýda ýurdumyzyň orta umumybilim berýän mekdepleriniň uçurymlary üçin «Soňky jaň» ýaňlandy. Mekdep okuwçylary, bilim ulgamynyň işgärleri, ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen ökde ýaşlar, dürli bäsleşikleriň ýeňijileri Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Täze okuw ýylyna 1-nji synpa gelýän körpelere bilimler ýurdunyň esasy nyşanyny gowşurdylar. «Soňky jaň» dabaralarynyň “Aşgabadyň güni” bilen gabat gelmegi aýratyn buýsançlydyr.
Günüň ikinji ýarymynda uçurymlar üçin gezelençler gurnaldy. Aşgabat seýilgähinde geçirilen baýramçylyk çäresi «Bir göreniň ýene gelýär göresi merjen şäher Aşgabatda höwesi» diýlip atlandyryldy.  
Çeşme «Watan» habarlar gepleşigi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň