Şu gün «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergi öz işine başlaýar

00:4625.05.2019
0
9767

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Aşgabat şäher häkimligi 25-26-njy maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly XVIII köpugurly halkara sergisini geçirýär. Bu sergi paýtagtymyzyň şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünliklerine hem-de ony mundan beýläkde ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanyp geçirilýär. Her ýyl geçirilýän bu forumyň abraýy, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň we daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalarynyň gyzyklanmasy günsaýyn artýar. 
Işewürler Aşgabady ösdürmekde bu ýerde iri halkara işewürlik merkezini döretmek hem-de maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny bu gezek hem belläp geçerler. Serginiň giň meýdançalarynda ýurdumyzyň pudak edaralary hem hususy kärhanalary şähergurluşyk we dolandyryş ulgamlary, inžener üpjünçilik ulgamlary, ulag we aragatnaşyk, senagat hem-de durmuş düzümleri, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, jemagat tehnikasy we enjamlary, ekologiýa we abadanlaşdyryş ýaly ugurlaryny hödürlärler. 
Sergi halk hojalyk toplumuny döwrebaplaşdyrmak işini çaltlandyrmakda türkmen paýtagtynyň gazanan üstünliklerini we kuwwatyny, dürli pudaklaryň amala aşyrylýan özgertmelere, bilelikdäki taslamalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň täze teklipleriniň mysalynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça döwlet syýasatynyň ileri tutylýan wezipelerini çözmäge gatnaşmagynyň tejribesini görkezer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň