Soňky habarlar

Arhiw

Ýaponiýanyň wekiliýeti Türkmen döwlet medeniýet institutyna baryp gördi

15:2924.05.2019
0
2121

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde Ýewropanyň, Aziýanyň abraýly bilim edaralary bilen halkara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär. Şu günler ýurdumyzda saparda bolýan Ýaponiýanyň wekilýetiniň Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolmagy bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilýänliginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary Medeniýet institutynda alnyp barylýan işler bilen içgin gyzyklandylar. Bu tanyşlyk sapary Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň medeni ugurdan bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň geljekki hyzmatdaşlygynyň ilkinji ädimleriniň biri bolar.

Dünýäde medeniýetiň häzirki zaman usullaryny bilim, ylym, sungat, kitaphana, teatr ugurlarynda gatnaşyklar yzygiderli pugtalandyrylýar. Hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň meseleleri, gatnaşyklaryň täze ugurlary baradaky pikir alyşmalar işjeň häsiýete beslendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň