Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti plastik gaplaryň ulanyşyna ýerlikli çemeleşmek barada tabşyryklary berdi

10:5824.05.2019
0
3253

23-nji maýda Aşgabat şäherini ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatynda "Biziň şäherlerimiziň we obalarymyzyň ekologiýa taýdan abadançylygy alyp barýan syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir" diýip, Türkmenistanyň Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şoňa görä-de, şäherleriň köçelerini arassa saklamak üçin häzirki zaman enjamlary we zir-zibil daşaýan ulaglar, beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Bu bolsa şäherde ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini saklamaga mümkinçilik berýär. Ýöne, muňa garamazdan, bu ugurda gyssagly çözülmeli meseleler hem bar. Bu, ilkinji nobatda, «plastika» bilen bagly meseledir. Bu barada TDH-nyň iş maslahatyndan taýýarlan habarynda aýdylýar.

Ýurdumyzda azyk senagaty çalt depginler bilen ösýär. Telekeçiler bu pudagyň ösmeginde möhüm orun eýeleýärler. Şonuň netijesinde, diňe ýakymly tagamy bilen däl, eýsem, saglyk üçin peýdalydygy bilen tapawutlanýan dürli görnüşli alkogolsyz içgiler hem köp öndürilýär. Bu önümler diňe bir çüýşe gaplara däl, eýsem, plastik gaplara hem guýulýar. Çüýşe gaplar, elbetde, has göze ýakymly görünýär. Ýöne, plastik gaplary hem ulanmagy durmuş talap edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz adamlaryň köp ýygnanýan ýeri bolan iri sport ýaryşlary geçirilende, halkara kadalaryna laýyklykda, alkogolsyz içgileri diňe plastik gaplarda ýerlemäge rugsat edilýär diýip, belledi. Plastik gaplaryň ulanylmagy bu serişdeleriň galyndylarynyň artmagyna getirýär.

Ulanmak üçin amatly, ýöne ekologiýa nukdaýnazaryndan howpsuz bolmadyk plastik haltajyklaryň we beýleki önümleriň artdyrylmagy meseläni has-da kynlaşdyrýar. Sebäbi, bu önümleriň dargaýan döwri ýüzlerçe ýyla barabardyr. Käbir ýurtlaryň şäherlerinde plastik önümleriň galyndylary suw sowujy ulgamlarda dykynlary döredip, suw joşmalaryna getirdi.

Biziň ýurdumyzda bu ugurda uly mesele döränok. Ýöne, muňa garamazdan, şäherleriň ýolbaşçylary plastik önümleri ikilenç ulanmak we gaýtadan işlemek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň