Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda çygly howa sebäpli dörän ekologik ýagdaýy çözmek boýunça tabşyryklary berdi

10:5224.05.2019
0
7030

23-nji maýda Aşgabat şäherini ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatynda şu ýyl ýurdumyzda öň hiç wagt görülmedik möçberde köp ýagyş ýagdy. Şeýle köp ýagşyň ýagmagy lagym ulgamlarynyň we köçelerdäki suw sowujy ulgamlaryň geçiriş mümkinçiliklerini gowulandyrmagyň zerurdygyny aýdyň görkezdi diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Biz ýaňy-ýakynda Jemagat hojalygy ministrligini ýapdyk. Onuň wezipelerini işe päsgel berýän ýagdaýlary aradan aýyrmak we ýüze çykýan meseleleri çalt çözmek üçin şäher häkimliklerine berdik. Mälim bolşy ýaly, köp günüň dowamynda güýçli ýagyş ýagmagy we howanyň çyglylygynyň ýokarlanmagy netijesinde, Aşgabatda dürli görnüşli kebelekler we beýleki mör-möjekler peýda boldy diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady hem-de ýöne, häkimiýetiň ýerli dolandyryş edaralarynyň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bu hadysalaryň öňüni almak üçin netijeli işleri alyp barmandyklaryny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz umumy kabul edilen ekologiýa kadalarynyň bozulmalarynyň öňüni almak boýunça derwaýys çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady. Bu bellikler mör-möjekleriň köpelişine gözegçilik etmeli we olaryň ýaramaz täsirleriniň öňüni almaly edaralara hem degişlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň