Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda binalaryň öz maksadynda ulanylmazlygyna nägilelik bildirdi

09:1824.05.2019
0
4629

23-nji maýda Aşgabat şäheriniň ösdürmegiň meselelerine bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sebitlerinde bolşy ýaly, Aşgabatda hem alnyp barylýan gurluşyklaryň depgininiň ýokary bolmagynda galýandygyny belläp, şäher häkimliginiň täze binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň tertibine gözegçiligi güýçlendirmelidigini nygtady. Şäheriň köçeleri we şaýollary döwrebap ýagdaýa getirilmelidir, olaryň täzelerini gurup, bellenen wagtynda ulanmaga tabşyrylmagy üpjün edilmelidir. Bu barada TDH-nyň bu maslahat barada taýýarlan habarynda aýdylýar.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, ýöne gynansak-da, Aşgabat şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimlikleriniň ýolbaşçylarynyň paýtagtymyzda tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadandygyny nygtady. Şoňa görä-de, şäherde bikanun gurulýan binalara gabat gelinýär. Bu bolsa, diňe bir paýtagtymyzyň binagärlik keşbine zyýan bermek bilen çäklenmän, eýsem, onuň ekologiýa taýdan abadançylygyna hem zelel ýetirýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Aşgabatda gurluşyklar toplumlaýyn esasda amala aşyrylýar. Ýurdumyza gelýän myhmanlar, şol sanda şähergurluşygy boýunça hünärmenler hem Aşgabatda binalaryň we desgalaryň örän oýlanyşykly gurulýandygyna haýran galýarlar. Olaryň üpjünçilik ulgamlary bilen, ýagny ýanynda çagalar we sport meýdançalarynyň, giň köçeleriň, durmuş maksatly desgalar bolan mekdepleriň, çagalar baglarynyň, lukmançylyk edaralarynyň, dükanlaryň we beýleki zerur desgalaryň gurlandygyny görýärler. Bu bolsa, şäheriň kiçi etrapçalarynyň hem öz-özüni üpjün edip, amatly ýaşaýyş şertlerini döretmegine gönükdirilendir.

Emma, käbir binalaryň göz öňünde tutulan maksatlar üçin ulanylmaýandygy ýüze çykaryldy diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Mysal üçin, käbir desgalaryň azyk we hojalyk dükanlaryna niýetlenen üçünji gatlary hususy fitnes-klublar, dürli gurnaklar, disko-merkezler we beýleki maksatlar üçin berlipdir. Munuň üçin ýörite bellenen ýerler bar, şol ýerler bolsa, ulanylman dur.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň