Soňky habarlar

Arhiw

Futbol, Ýaşlar ligasy - 2019: "Altyn asyryň" ýaşlary ýeňiş tapgyryny 7 duşuşyga çykardy

23:5923.05.2019
0
5274

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň galdyrylan – 4-nji tapgyryna badalga berildi.

Bu tapgyryň çäginde şu gün bir duşuşyk geçirilip, ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Altyn Asyr II” topary Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam II” toparyny kabul etdi. Paýtagtly futbolçylaryň doly artykmaçlygynda geçen bu duşuşykda “Altyn Asyryň” ýaşlar düzümi garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz toplaryň bäşisini geçirmegi başardy.

Şeýlelikde, gazanan bu ýeňşinden soň “Altyn Asyr II” 21 utuk toplap, eýeleýän birinji ornuny saklap galdy.

Futbol birinjiligiň dördünji tapgyrynyň galdyrylan duşuşyklarynyň 29-njy maýda hem-de 2-nji iýunda geçirilýändigini ýatladýarys.

Geçirilen duşuşygyň netijesi:

 “Altyn Asyr II” – “Şagadam II” – 5:0

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň