Soňky habarlar

Arhiw

Robert Alberts: "Artur Geworkýanyň milli ýygynda çagyrylmagy meni begendirdi"

20:5423.05.2019
0
6485

Indoneziýanyň "Persib Bandung" futbol toparynyň baş tälimçisi, gollandiýaly hünärmen Robert Alberts ýarym goragçy Artur Gewrokýanyň Türkmenistanyň milli ýygyndysyna çagyrylmagy bilen bagly pikirlerini beýan etdi diýip, "bola.com" saýty ýazýar.

"Artur Geworkýanyň milli ýygyndyda gatnaşjak duşuşyklary resmi rejenama gabat gelmeýär. Çünki türgenleşikler we duşuşyklar FIFA-nyň günlerinde geçiriler. Şonuň üçin hem biz futbolçymyzyň milli ýygynda gitmegine garşy däl. Men Arturyň Türkmenistanyň futbol ýygyndysyna çagyrylmagyna örän şat. Bu duşuşyklar onuň tejribesini has hem baýlaşdyrar diýip umyt edýärin. Ol Türkmenistana 31-nji maýda gider".

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň