Soňky habarlar

Arhiw

Ante Mişe legioner futbolçylaryň dördüsini milli ýygynda çagyrdy

16:1123.05.2019
0
9825

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Ante Mişe Aşgabatda we BAE-de geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary üçin milli ýygynda daşary ýurtlaryň çempionatlarynda çykyş edýän türkmen futbolçylarynyň dördüsini çagyrdy. Olar:

1.Ruslan Mingazow - "Prşibram" fk. (Çehiýa Respublikasy)

2. Arslanmyrat Amanow - "Lokomotiw" fk. (Özbegistan)

3. Wahyt Orazsähedow - "Dordoý" fk. (Gyrgyz Respublikasy)

5. Artur Geworkýan - "Persib Bandung" fk. (Indoneziýa).

Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtlaryň çempionatlarynda türkmenistanly futbolçylaryň başga-da birnäçesi çykyş edýär. Ozal milli ýygyndyda çykyş etmek tejribesini başdan geçiren Elman Tagaýew ("Nawbahor", Özbegistan), Ahmet Ataýew ("Sabah", Malaýziýa), Amir Gurbany ("Nagaworld", Kamboja) dagylar bu gezekki ýygynda çagyrylmadylar.

Milli ýygyndymyzyň tejribeli futbolçysy Artur Geworkýan bolsa uzak wagtlyk arakesmeden soňra, ýene-de ýygynda dolandy. Ol Türkmenistanyň ýygyndysynyň hatarynda iň soňky gezek 2016-njy ýylda täjik futbolçylaryna garşy geçirilen duşuşykda çykyş edipdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň