Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda 60-a golaý maşgala niýetlenen täze jaýlaryň ikisi ulanylmaga berildi

01:5023.05.2019
0
4486

Şu gün Lebap welaýatynyň merkezinde dört gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Bu jaýlar şäheriň Zelili köçesiniň ugrundaky desgalar bilen bitewi binagärlik sazlaşygyny döretdi.

Şu ýylyň mart aýynda bu ýerde dört gatly köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän şäheriň günorta böleginde soňky ýyllarda diňe bir ýaşaýyş jaýlaryny däl, eýsem, söwda-hyzmat merkezlerini, «Daýhanbankyň» bölümini, bejeriş-sagaldyş ulgamynyň desgalaryny we ilata hyzmatlary hödürleýän binalar bar bolan döwrebap toplum emele geldi.

Täze jaýlar «Binaçy» hususy kärhanasynyň binagärleri tarapyndan taslamalaşdyryldy we Türkmenabadyň agajy gaýtadan işleýän kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi. Bu jaýlar gurlanda berk gurnamalar we döwrebap bezeg serişdeleri peýdalanyldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli gurulýan desgalar babatda edýän berk talabydyr.

Ýaşaýyş jaýlarynyň biri 3 we 4 otagly öýleriň 32-sinden, beýlekisi bolsa 24-sinden ybaratdyr. Jaýlar berk gurnamalar we häzirki zaman bezeg serişdeleri ulanmak arkaly özboluşly äheňde guruldy. Şolarda häzirki zaman amatlylyk derejesi esasy orun eýeleýär. Öýleriň otaglary belent hem-de ýagty, ýatylýan otaglary amatly, aşhanalarynda döwrebap mebeller bar. Öýleriň eýwany ýokary derejede enjamlaşdyryldy. Häzirki zaman durmuş ulgamyna degişli enjamlar ýaşamak üçin aňrybaş amatlylygy üpjün edýär. Dört otagly öýleriň umumy meýdany 129 inedördül metre, üç otagly öýleriň meýdany bolsa 110 inedördül metre barabardyr.

Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy we köçäniň ýagtylandyryş ulgamy häzirki zaman derejesinde guruldy.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda Amyderýanyň kenarynda gurluşyk işleriniň depgini barha ýokarlanýar. Ýakynda gazçylaryň şäheri bolan Gazojakda «Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň toparlarynyň bina eden döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabaralary boldy. 3 we 4 otagly oňaýly öýleriň açarlary lebaply gazçylar maşgalalarynyň 16-syna gowşuryldy. Üňüz aňyrsyndaky Garagumda ýarym asyrdan gowrak wagt mundan ozal Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaz çykaryjy senagatynyň täze pudagyna badalga berlipdi.

2019-njy ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň dowamynda täze ýaşaýyş jaý gaznasynda Amyderýanyň künjeginde bina edilen desgalaryň hatarynda 260-a golaý maşgala niýetlenen 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 9-synyň we 2 gatly ýaşaýyş jaýynyň biriniň ulanylmaga berlendigini bellemeli.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň