Soňky habarlar

Arhiw

Parahat 7/3 ýaşaýyş toplumynda täze binalar açylyp ulanmaga berildi

01:1423.05.2019
0
5549

Paýtagtymyzyň Parahat 7/3 ýaşaýyş toplumynda her birinde 108 öý bolan üç sany we 54 öýden ybarat bolan bir belent ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Dabarada desgany bina etmekde tapawutlanan gurluşykçylara sowgatlar gowşuryldy. Iň bir tolgundyryjy pursatlar jaýyň eýelerine açarlaryň gowşurylyş dabarasy has hem täsirli boldy. Soňra dabara gatnaşýanlar ýaşaýyş jaýlarynyň içine aýlanyp gördüler hem-de olarda döredilen mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar.
Soňra paýtagtymyzyň Parahat 7 ýaşaýyş toplumynda inženerçilik ulgamlary we döwrebap ýollar bilen bilelikde, 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 23-siniň we häzirki zaman seýilgähiň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň