Ahal welaýatynda guş etini we ýumurtgasyny öndürýän guşçulyk toplumynyň açyldy

23:1522.05.2019
0
9092

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gozgan geňeşliginiň çäginde bina edilen «Röwşen-Rahym» daýhan hojalygynyň guş etini we ýumurtgasyny öndürýän guşçulyk toplumynyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ahal welaýat häkiminiň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow gatnaşdy. Baýramçylyk ruhyna şatlyk şowhuna beslenen bu dabara sungat işgärleriniň hoş owazly çykyşlaryna ulaşdy. Dabara gelen myhmanlar täze gurlan guşçulyk toplumy bilen tanyşdylar. Bilşimiz ýaly türkmen halkynda 7 hazynanyň biri hasaplanýan towugy köpeltmekde we onuň et önümlerini, ýumurtgalaryny il günimize elýeterli bahalardan hödürlemekde ýurdumyzyň telekeçileriniň birnäçe kärhanalary hereket edýär. Bu günki günde açylyp ulanylmaga berlen «Röwşen-Rahym» daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumy hem şeýle kärhanalaryň üstüni ýetirdi. Bu toplumda «Noma» tohumly towuklaryň jemi 92000 sanysy idedilýär. Bu ýerde towuklary iýmlemek, suw bermek we arassaçylyk işleri doly awtomatik usulda alnyp barylýar. Toplumda towuklar iki wagtyna iýmitlendirilip olaryň hersi 90 hepdäniň dowamynda 400-e çenli ýumurtga bermäge ukyplydyr. Guşçulyk toplumynyň ýyllyk kuwwaty bolsa 30 mln ýumurtga öndürmeklige barabardyr. Towuklaryň saklanylýan ýerleri ortaça 24 gradus derejede saklanýar. Ketekleriň içi gyzgyn ýagdaýynda bolsa ýöriteleşdirilen howa sorujylar bilen enjamlaşdyrylandyr. Toplumda saklanýan jüýjeleriň ketekleriniň içini bolsa 35-36 gradus ýylylyga çenli gyzdyrylýar. Çyglylygy bolsa 60% çenli ýetirilýär. Idedilýän jüýjelere berilýän iým 10 gramdan başlap her hepde 5-10 gram köpeldilip, 25 grama çenli artdyrylýar. Ýaş jüýjeler 90 günlik bolanlaryndan ýörite keteklere geçirilýär. Olar 20 hepdelik bolanlarynda bolsa agramlygy 1300-1400 grama ýetip köpçülikleýin ýumurtga berip başlaýarlar. Kärhanada bar bolan towuklaryň 92-94% ýumurtga berip, öndürilýän ýumurtgalaryň ortaça agramy 58-62 grama barabar bolýar. Toplumda towuklaryň esasy iýmiti soýa, mekgejöwen, däne gatyşykly bugdaý, az mukdarda arpa we bugdaý kepeginden taýýarlanylýar. Towuklara we jüýjelere sanjym işleri hem yzygiderli geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň