Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi geçirildi

23:0422.05.2019
0
3876

Şu gün paýtagtymyzda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň 1-nji mejlisi boldy. Oňa iki döwletiň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenler gatnaşdylar. Ýurdumyza Belarus Respublikasynyň Premýer ministriniň orunbasary Igor Lýaşenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginde geçen duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň arasynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerindäki meseleleriň toplumy, hem-de iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmegiň esasy ugurlary girizildi. Mejlise gatnaşyjylar birek-birege hormat goýmak, we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan köpugurly döwletara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, hökümetara toparynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar. Toparyň işi dürli ulgamlardaky netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegini, iki halkyň arasyndaky dostluk, ynanyşmak, düşünişmek hyzmatdaşlygynyň hemme taraplaýyn derejedeligini şertlendirýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar söwda ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň köpugurly esasda ösdürilmeginde özara haryt dolanşygynyň mukdarynyň artdyrylmagyna gönükdirilen anyk çäreleri we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Eksport, import ugurlarynyň artdyrylmagyna, ugrukdyrylýan harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşleriniň köpeldilmegini hem-de iki döwletiň ykdysady düzümleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmaklygyna gönükdirilen goşmaça çäreleriň kabul edilmeginiň zerurlygy bellenildi. Oba hojalygy, maşyn gurluşygy, ýangyç energetika toplumy, dokma we ýeňil senagaty, gurluşyk ulgamy, ulag aragatnaşyk hem-de beýleki birnäçe pudaklar möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Duşuşyga gatnaşyjylar medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ýaly Türkmen Belarus gatnaşyklarynyň möhüm bölegi hasaplanylýan ugurlaryň berkidilmegi babatda bir pikire geldiler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara Türkmen-Belarus toparynyň mejlisiniň jemi boýunça teswirnama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň